TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

2022-nji ýyldaky “Oskar” baýrak gowşurylyş dabarasyndaky alyp baryjylar yglan edildi

Amerikanyň kinofilm sungat we ylymlar akademiýasy tarapyndan 1929-njy ýyldan bäri berlen we şu ýyl 94-nji gezek eýelerini tapjak “Oskar” baýraklarynyň gowşurylyşynda çykyş etjek alyp baryjylar yglan edildi. Üç ýyldan soň ýene-de alyp baryjylar bilen geçiriljek dabarany Emi Şumer, Regina Hall we Wanda Sykes hödürlär.Birnäçe ýyl bäri reýtingde nägilelik görýän “Oskar” dabarasyny hödürlejek atlar mälim edildi. Şu ýyl 94-nji gezek geçiriljek dabaranyň alyp baryjylary Emi Şumer (40), Regina Hall (51) we Wanda Sykes (57) boldy.

Üç komediýaçy dabarany “ABC” teleýaýlymynyň “Good Morning America” programmasynda dabarany hödürlejekdikleri baradaky habary tassykladylar.Hall, Şumer we Sykes press-relizde eden çykyşynda: “Her kimiň dabarada oňat dynç almaga taýyn bolmagyny isleýäris. Gowy wagtlary geçirenimizden bäri birneme wagt geçdi” diýip çykyş etdi. Şumer programmada: “Kimiň gowy pikir edendigini bilemok, ýöne ýakyn dostlarym Wanda we Regina bilen “Oskar” baýragyny hödürleýärin” -diýdi. Dabaranyň prodýuseri Will Paker (47), her bir alyp baryjynyň sahnada bir sagat galmagy bilen dabarany üç aktda taýýarlamagy meýilleşdirýär. Paker, şu ýylky dabara üçin uly janköýer bazasy bolan üç zenan komediýaçydan güýçli topary saýlady. “Oskar” baýragynyň dabarasyny hödürlän üç zenan hakda bilmeli zatlaryňyz:

Emi Şumer

Amerikaly komediýaçy we “Emini” baýragyny gazanan aktrisa Emi Şumer “Trainwreck”, “Snatched” we “Feel Pretty” ýaly filmlerde ýer aldy. Şumeriň soňky oýunjylyk taslamasy “Life & Beth” ýakyn wagtda ýaýlyma berler.

Regina Hall

“Gorkunç film” seriýasyndaky Brenda keşbi bilen ýatda galan Regina Hall ýaňy-ýakynda “Nine Perfect Strangers” kiçi seriýasynda baş keşbi janlandyrdy. Hallynyň “Girls Trip”, “Little” we “Shaft” filmlerindäki keşpleri bilen janköýerleriniň söýgüsini gazandy.

Wanda Sykes

Amerikaly komediýaçy, ýazyjy we “Emini” baýragyny gazanan aktrisa Wanda Sykesiň “Bad mother” we “Evan Almighty” ýaly filmlerde tomaşa etdik.

94-nji “Oskar” baýraklary 27-nji martda geçiriljek dabarada eýelerini tapar.

Ilkinji gezek tomaşaçylaryň saýlan filmi yglan ediler

Ýene-de okaň

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Teswirle