JEMGYÝET

2021-nji ýylyň ilkinji halkara taslamalary

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny gecirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

OWGANYSTANYŇ DURMUŞ DÜZÜMINI GOWULAŞDYRJAK TASLAMALAR

Iş maslahatynyä çäklerinde halkara ähmiýetli taslamalaryň, şol sanda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, şonuň bilen birlikde-de, bu ýurda Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini köpeltmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Ymamnazar-Akina halkara, Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny hem-de üstaşyr ulgamlary gurmak boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Şol işler Owganystanyň aragatnaşyk kompaniýasy bilen bilelikde halkara optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ýene-de birini çekmäge hem-de olaryň halkalaýyn ulgam boýunça işini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Has takygy, Hyrat-Akina ulgamy bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi Owganystanyň üsti bilen Pakistanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň aragatnaşyk ulgamlaryna çykmaga, kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň içeri we daşary maglumat çäklerni giňeltmäge mümkinçilik berer.

Munuň üçin Mary-Serhetabat ulgamynda degişli kommunikasiýa enjamlary oturdyldy, Ymamnazar-Akina, Serhetabat-Turgundy halkara optika süýümli ulgamlar ulanmaga taýýar edildi. Şeýle hem Akina-Andhoý demir ýolunyň ugrunda suw geçirijileriň 33-si göz öňünde tutulyp, olaryň 26-synda gurluşyk işleri tamamlandy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa hem-de wise-premýerler M.Meredowa, B.Öwezowa we Ş.Durdylyýewa ýüzlendi.

Hususan-da, Owganystan Yslam Respublikasyna degişli ugurlarda ulanylmaga tabyşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalar, şol sanda Lebap welaýatynda “Malaý” gaz ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina-Andhoý demir ýol şahasy, Ymamnazar-Akina halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçirijisi, Mary welaýatynda Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy mysal getirildi.

Milli Liderimiz bu desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň Türkmenistanyň goňşy döwlet bilen halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, owgan halkynyň hem-de sebitiň ýurtlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak baradaky döwlet maksatnamasynyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginde-de, möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Bitarap Türkmenistan saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, täze, döwrüň talap edýän maksatlaryny işläp çykaryjynyň ornunda has işjeň çykyş edýär, hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen baglaşylan şertnamalaýyn borçnamalara ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowa Owganystan Yslam Respublikasyna iş sapary bilen bagly görkezmeleri berip, owgan kärdeşleri bilen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri taýýarlamak we geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtda meýilleşdirilen halkara ähmiýetli çäreleriň örän möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň hatarynda ilkinjiler bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogyna gatnaşýar

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri