TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

2021-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy makullandy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleler bilen bir hatarda 2021-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyna seredildi.

DÖWLET BÝUJETINIŇ SERIŞDELERI DURMUŞ ULGAMYNA GÖNÜKDIRILER

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 2021-nji ýylyň döwlet býujetiniň hem-de 2021-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak babatda berlen tabşyryklar boýunça hasabat berdi.

Bu resminamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna kesgitlenen möhüm meseleler nazara alyp taýýarlandy. Dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyndaky ýagdaý nazara alnyp, pudaklaryň Prezident Maksatnamasynda 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan käbir ösüş görkezijileri olaryň hakyky mümkinçiliklerine we emele gelmegine garaşylýan hasaplamalara laýyklykda kesgitlenildi.

Geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasynyň esasy görkezijileri şol sanda jemi içerki önüminiň hereket edýän nyrhlardaky we ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarda göz öňünde tutulýar. Serişdeleriň köp böleginiň durmuş ulgamyna, şol sanda bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň ösdürilmegine, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy we umumy häsiýetdäki döwlet hyzmatlar ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 10 göterim ýokarlandyrylar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän nyrhlarda 6,2 göterim derejede emele getirmelidigini belläp, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowragynyň durmuş ulgamyna gönükdiriljekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu serişdeleriň 28,5 göteriminiň bilim, 10 göterimiň saglygy goraýyş we 24,8 göterimini durmuş üpjünçilik ugruny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny seretmek üçin Mejlisiň garamagyna ibermek baradaky hata gol çekdi.

Mejlisiň ertir geçiriljek mejlisinde Döwlet býujetine seredilmegi göz öňünde tutulýar.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle