TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

2020-nji ýylyň jemleri jemlendi: 37 milliardlyk gurluşyklar alnyp barylýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldylar.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemledi.

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenen ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda müdimilik galjak 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmändigi bellenildi.

  • Geçip barýan ýylda halkara saparlarynyň hem amala aşyrylandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy. Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýurdumyza iş sapary amala aşyryldy.
  • Şeýle hem maslahata gatnaşyjylara döwlet Baştutanymyzyň onlaýn görnüşinde ýokary derejede geçirilen ençeme köptaraplaýyn duşuşyklara, şol sanda:
  • Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň “COVID-19” pandemiýasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk” atly mowzuk bilen geçirilen ýokary derejedäki wideoduşuşygyna; Goşulyşmazlyk hereketiniň Gatnaşyk toparynyň «Bilelikde COVID-19-a garşy» atly mowzuk bilen geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna; Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşandygy habar berildi.
  • Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde hem-de Halkara Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy.
  • Umuman, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletleriniň resmi wekilleri, şol sanda döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, ýurdumyzda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, şeýle hem dürli halkara korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen 20 gezek ikitaraplaýyn duşuşygy, 40 gezek hem telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
  • Şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 49, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisi, döwlet derejesinde dürli maslahatlaryň hem 57-si geçirildi.
  • Şeýle hem milli Liderimiz geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigini belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene-de 10 göterim artdyrdyk. Zähmet haklaryny tölemekde hem hiç hili mesele ýok.
  • 2020-nji ýylyň üstünlikleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz şu ýyl 1 million 476 müň tonna galla ýygnalyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini belledi.
  • Ýurdumyzda 1 million 280 müň tonna pagta hasyly ýygnaldy.
  • Mundan başga-da, häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar.
  • Milli Liderimiz şu ýyl umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan 45 sany iri desganyň işe girizilendigini habar berdi.
  • Şu ýyl ýurdumyzda umumy meýdany 2 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi aýratyn guwançly ýagdaýdyr.
  • Umuman, 2020-nji ýyl hemmeler üçin örän kynçylykly boldy, syýasy we ykdysady babatda dürli ýaramaz wakalar köp bolup geçdi. Ýöne, muňa garamazdan, biz jemi içerki önümiň ösüş depgininiň şu ýyl hem gowy, ýagny 5,9 göterim derejede bolmagyna garaşýarys.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle