TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

2020-nji ýylda döwlet emläginiň 85-si hususylaşdyryldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda berlen maglumatlara görä, 2020-nji ýylda döwlet eýeçiligindäki emlägiň 85-si hususylaşdyryldy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 22,4 göterimine barabar boldy. 2020-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy 102,4 göterim ýerine ýetirildi. Şunda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 55,7 göterimi önümçilik hem-de 44,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleri giň gerimde alyp barmagyň, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle