TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

2019-njy ýylda haýsy smartfon has köp satyldy?

2019-njy ýylyň hasabatlaryna görä, «iPhone XR» dünýä boýunça iň kän satylan smartfondyr. Maglumatlara görä, geçen ýyl Ýer ýüzünde 46,3 million «Apple» kompaniýasynyň telefonlary satyldy.

Ikinji ýerde kompaniýanyň ýene bir telefony ― «iPhone 11» bar. Maglumatlar bu telefondan geçen ýyl 37,3 million sanysynyň satylandygyny görkezýär.

Sanawdaky ilkinji üçlügi «Samsung» kompaniýasy jemleýär. Kompaniýanyň «A 10» telefonlaryndan geçen ýyl 30,3 million sanysy satyldy.

Ilkinji bäşlikde ýene-de «A»-lar bar. Dördünji orundaky «A50» geçen ýyl 24,2 million, «A 20» bolsa 19,2 million müşderisini tapdy.

Sanawyň ilkinji onlugyna «iPhone 11 Pro Max», «Iphone 11 Pro», «Iphone 8», «Redmi Note 7» we «Samsung Galaxy J2 Core» samrtfonlary girýär.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle