Türkmenistanyň topary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşýar. Türkiýäniň gadymy şäheri bolan Konýada şu ýylky geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlary 2021-nji ýylda geçirilmelidi, emma pandemiýa zerarly bir ýyl soňa goýuldy.
Hatarynda 120 adam, şol sanda 80 türgen bolan Türkmenistanyň topary bu oýunlara gatnaşýarlar. Türkmen türgenlerinden ilkinji medally habarlar gelip başlady.
49 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa oýunlaryň bürünç medallarynyň üçüsini gazandy. Şeýle hem bu ýaryşa gatnaşýan Zyýamuhammet Saparow göreş sportundan bürünç medalyň eýesi boldy. Bu barada V Yslam raýdaşlygy oýunlary resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Edarasy Er-Riýadda (Saud Arabystany) ýerleşýän, ilaty 1,5 milliard adam töweregi bolan Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna agza ýurtlaryň 57-siniň türgenlerini birleşdirýän Yslam raýdaşlygy sport federasiýasynyň (ISSF) dört ýyldan bir gezek geçirilýän toplumlaýyn ýaryşdyr.
Oýunlara 56 ýurtdan 4 müňden gowrak türgen medallaryň 483 toplumy ugrunda bäsleşýärler.
Türkmen türgenleri sportuň ýeňil atletika, ýaýdan ok atmak, 3х3 basketbol, dzýudo, karate-do, agyr atletika, sport göreşi (grek-rim we erkin göreş) hem-de suwda ýüzmek görnüşlerinde çykyş ederler.
V Yslam raýdaşlygy oýunlary 18-nji awgusta çenli dowam eder.