TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Deňiz han” atly harby gämi bilen tanyşdy

Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.

“Garşy” deňiz birikmesiniň mundan bir ýyl ozal açylyp ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Bu harby birikmede harby gämiler üçin duralga göz öňünde tutulandyr, bu ýerde ýurdumyzyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Harby-Deňiz Güýçleriniň gämileri abatlaýyş kärhanasynda gurlan “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu häzirki zaman gämisiniň söweşjeň mümkinçilikleri, tehniki häsiýetnamalary hem-de gurluşynyň aýratynlyklary, bölümleriniň işleýiş usullary bilen tanyşdy. “Deňiz han” gämisi garşydaşyň suwasty hem-de suwüsti söweşjeň gämilerini, guryýer we howa nyşanlaryny ýekelikde hem-de gämi urgy toparynyň düzüminde ýok etmek üçin niýetlenendir.

Gäminiň harby gullukçylarynyň dünýäniň birnäçe ýurtlarynda, hususan-da, Italiýada, Germaniýada, Türkiýede we beýleki döwletlerde ýörite okuwlary geçendiklerini hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrandyklaryny bellemek gerek.

Gämide şeýle hem serkerdeleriň we deňizçileriň netijeli gulluk etmekleri hem-de göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredildi.

Dolandyryş nokady bilen tanyşlyk mahalynda, “Deňiz han” gämisiniň serkerdesi göni ýaýlyma çykyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly harby-deňiz ýörişine başlamaga rugsat bermek baradaky haýyş bilen ýüzlenýär.

Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat berýär. Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Olar ýurdumyzyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek ugrunda eserdeň durýarlar.

Deňiz birikmesiniň çäginde täze tehnologiýalar we sanly ulgamlar bilen üpjün edilen okuw binasy hem göz öňünde tutuldy. Bu ýerde sanly ulgamyň kömegi bilen harby gämileriň dolandyrylmagy, ugurdaş enjamlaryň ulanylyşy, deňiz giňişligine gözegçiligiň alnyp barlyşy öwredilýär. Okuwyň barşynda okatmagyň öňdebaryjy usullary ulanylýar. Munuň özi harby talyplara degişli bilim almaga, ýaş serkerdelere bolsa hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Teswirle