JEMGYÝET

20-nji awgustdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 20-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21… +23° maýyl, gündizine +35… +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Ar­ça­bil­de: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +22°, gündizine +34… +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 704 mm, çyglylygy 10 — 30 %

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24… +29° maýyl, gündizine +35… +40°, kenarýaka etraplarynda +33… +38° yssy bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 747 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Awazada: howa +35… +37°, basyşy 754 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Balkanabat şäherinde: howa +38… +40°, basyşy 755 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar

Änew şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Tejen şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 740 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Mary welaýatynda:  açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17… +22° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.

Mary şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Baýramaly şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Lebap welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17… +22° maýyl, gündizine +34… +39°
yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Kerki şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 730 mm, çyglylygy 5 — 25 %. 2021-nji ýylyň 19-njy awgustynda atmosfera howasynyň düzümindäki tozanyň möçberiniň kadadan 7 % köp bolandygy hasaba alyndy.

Daşoguz welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24° maýyl, gündizine +33…
+38° yssy bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 749 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Köneürgenç şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 750 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Ukraina, Belarus, Gazagystan we Gruziýadan sanawa haýsy ýokary okuw mekdepleri girýär?

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti 3-nji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Pan Gi Mun Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga goşandyna ýokary baha berdi

Bitaraplyk binasy döwrebaplaşdyrylýar

Aşgabatda Bitaraplyk zolagy dörediler

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň mejlisi: ýanwar aýynyň ykdysady ösüşi