TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

2 sekuntda satyldy

Eplenýän ekranly “Royole FlexPai 2” akylly telefony Hytaý döwletinde satuwa çykaryldy. Satuw başlamazdan ozal, bu akylly telefon üçin 300,000 töweregi adamyň wirtual nobaty hatara düzüldi we ähli telefonlar 1.8 sekuntda satyldy. Häzirki wagtda eplenýän ekranly “Royole FlexPai 2” atly telefon 5G ulgamy öz içine alýar we “Samsung Galaxy Z Fold2” we “Huawei Mate X”-den arzan bahadan hödürlenýär. Onuň operatiw ýady 8 Gb RAM we içki ýady 256 Gb ybarat bolup durýar. Bu akylly telefona 150,000-den gowrak öňünden sargyt edilendigi habar berildi. “Royole FlexPai 2” telefonyň ikinji tolkunyň haçan satuwa çykaryljakdygy barada anyk maglumat görkezilmeýär.

Royole FlexPai 2” akylly telefonyň aýratynlyklary:

Akylly telefon “Snapdragon 865” sistemasynyň esasynda gurulan. Şeýle hem telefon “Android 10” esasynda “waterOS 2.0” dolandyrmagynda işleýär. Esasy kamerasy 64 megapikseldan ybarat bolup durýar we 3 esse optiki ýakynlaşdyrma funksiýasy ýerleşdirilen. Selfi üçin 32 megapiksel şekil datçigi ulanylýar. Mundan başga-da telefonda iki stereo gürleýjisi, gapdalda barmak yzy datçigi, akselerometr, giroskop, kompas we barometr goşmaça modullary gurnalan.

 

Hakberdi Hudaýberdiýew: Zehin bilen zähmet sazlaşanda…

Ýakynda aramyzdan aýrylan  halypa kompozitor, sazanda Hakberdi Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylanda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halypa-şägirtlik mekdebiniň ussatlarynyň sungat äleminde bitiren işlerine belent sarpa goýulýandygyna ýene bir ýola göz ýetiripdik.

Sazyň joşgunly dünýäsinde ýaşaýaýanyna elli ýyla basalyk wagt bolan, şol ýyllaryň içinde ussat halypalar bilen duşuşyp, olaryň döredijilik maslahatlaryny, döreden nusgalyk saz eserlerini ýakyndan diňlemek miýessser eden halypa kompozitor bagtyýarlyk döwrümizden ylham alyp ajaýyp sazlary halka ýetirýär. Onuň döredýän her bir saz eserinde döwrümiziň belent ruhy açylýar. Biz hem halypanyň Şa serpaýyny gutlap, onuň bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolupduk. Siz bu söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle