TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman halkara we sebit ähmiýetli birnäçe mowzuklar boýunça hem-de, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň geljekde has hem berkemeginiň zerurlygyny nygtamak bilen, söhbetdeşler aýratyn hem howpsuzlyk bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara seretdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Ilçisi iki döwletiň arasyndaky syýasy geňeşmeler işiniň netijeliligini mälim edip, bu ugruň ösdürilmegine taýýardygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri kesgitlenilip, şol sanda türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugurlaryna aýartyn üns berildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň Ilçiniň Gaznasyna Türkmenistanyň täsin taryhy mirasyny gorap saklamak boýunça  goşan goşandyna we onuň alyp barýan işine ýokary baha berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn bilim ulgamy boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlaryna giňişleýin seredildi.

Şeýle-de, söhbetdeşler özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de global derejesindäki derwaýys meseleleri boýunça hem pikirleri alyşdylar.

 

“PSŽ” Poçenttinonyň şertnamasyny ýatyrdy

Ýene-de okaň

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi: 7 aýyň jemi

Ata Watan Eserleri

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Awazada halkara maslahat: 39 döwletden we 34 halkara guramadan wekiliýet gatnaşýar

Ata Watan Eserleri