JEMGYÝET

1970-nji ýylyň awtoulaglary täzeden dünýä inýär

«Porsche 911» ady bilen täze önümçilige ornaşdyrylan awtoulaglaryň ählisi 1970-nji ýyllaryň modeline meňzedilýär. Bu ýeňil awtomobil uzak ýollara syýahat etmek üçin niýetlenendir. «Porsche 911» köpçülige tanyşdyrmak üçin ýörite sergi geçirildi. Onda ýaşuly adamlar bu kompaniýanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdiler. Çünki bu awtoulaglar olaryň ýaşlygyny ýada salmaga uly mümkinçilik döredip biler. Onuň hereketlendirijisi 3,6 litrlik bolup, tekerleri 15 dýuýma barabardyr. Bu awtoulagyň bahasy şu ýylyň ahyryna belli bolar. Häzirki wagtda «Porsche 911» awtoulagy üçin gelýän sargytlaryň sany artýar.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygy üçin täze güwänama berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýarym finala çykdy

Ata Watan Eserleri

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar