TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gallaly meýdan-bereketli meýdan

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde möhüm oba hojalyk döwri – galla oragy gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Geçen ýylyň güýzünde Diýarymyzyň mele topragyna ekilen ak bugdaýyň naýbaşy sortlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde tylla başly bol hasyla bürendi. Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen 3-nji iýunda, ýagny Bütindünýä welosiped gününde ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynyň edermen gallaçy daýhanlary il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý oragyna girişdiler.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Di­ýa­ry­myz­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Döw­le­ti­miz daý­han­lar üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär. Olar ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, hi­mi­ki se­riş­de­ler, döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry hem-de suw bi­len do­ly üp­jün edil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow şu ýyl ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­nyň ýe­tiş­di­ri­len­di­gi­ni bel­läp, ony ýit­gi­siz ýyg­na­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Mu­nuň özi ata Wa­ta­ny­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ke­pi­li­dir.

Şu ýyl ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry güýz­lük bug­daý üçin bö­lü­nip ber­len 690 müň gek­tar meý­dan­dan 1 mil­lion 400 müň ton­na dä­ne ýyg­na­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Ahal we­la­ýa­tyn­da 400 müň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 345 müň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 310 müň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 265 müň, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 80 müň ton­na bug­daý ýyg­na­lar. Şu ýyl gal­la meý­dan­la­ryn­da bug­da­ýyň “Be­re­ket­li”, “Go­şant”, “Ha­syl­ly”, “Säh­ra­ýy”, “Ro­waç”, “Ýo­lö­ten-3”, “Ýo­lö­ten-1”, “Ju­wan”, “Wa­tan”, “Gy­zyl­şag­la­wuk-25”, “Mi­ras”, “Ýo­kum­ly” ýa­ly, ýo­ka­ry ha­syl­ly gör­nüş­le­ri ekil­di.

Di­ýa­ry­myz bo­ýun­ça 2022-nji ýy­lyň gal­la ora­gy möw­sü­min­de “Сla­as”, “John Dee­re”, “Сase”, “New Hol­land” ýa­ly ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li dä­ne ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň 2 müň 64 sa­ny­sy iş­le­di­ler. Gi­je-gün­diz­le­ýin esas­da iş­le­dil­jek ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­lar ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly bel­le­nen möh­let­ler­de we ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­ga ýar­dam be­rer. Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, sa­tyn al­nan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li “John Dee­re” we “Сla­as” ky­sym­ly gal­la oru­jy kom­baýn­lar te­le­ma­tik ul­gam­lar bi­len üp­jün edil­ýär.

Gal­la ora­gy möw­sü­min­de göç­me abat­la­ýyş-me­ha­ni­ki to­par­la­ryň ýüz­ler­çe­si gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da gal­la­çy­la­ra hyz­mat eder. Olar iş­le­dil­ýän teh­ni­ka­la­ry ze­rur ýan­gyç-çal­gy ýag­la­ry we äti­ýaç­lyk şaý­la­ry bi­len üp­jün eder­ler. Gal­la meý­dan­la­ryn­da ora­ga gat­naş­ýan me­ha­ni­za­tor­lar, sü­rü­ji­ler, beý­le­ki iş­gär­ler üçin ze­rur dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di.

hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça oba ho­ja­ly­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy ösü­şiň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy. Ýur­du­myz­da tarp ýer­ler yzy­gi­der­li öz­leş­di­ril­ýär, ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça oňyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­niň hem-de hyz­mat ed­ýän pu­dak­la­ryň teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na, döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, ele­wa­tor­la­ryň, gaý­ta­dan iş­le­ýän oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň, mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän za­wod­la­ryň, suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy ak bug­daý­dan bol ha­syl al­ma­gyň gi­re­wi­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýer, suw we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­na, oba ho­ja­lyk yl­my­nyň, seç­gi­çi­li­giň, to­hum­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, önüm­çi­li­ge öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na uly üns ber­ýär.

Mun­dan baş­ga-da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Oba ila­ty­nyň mad­dy hal-ýag­da­ýy, aba­dan­çy­lyk de­re­je­si ýyl-ýyl­dan ýo­kar­lan­ýar. Ýa­şa­ýyş de­re­je­si bo­ýun­ça oba ýer­le­ri şä­her de­re­je­si­ne bar­ha ýa­kyn­laş­ýar. Mah­la­sy, bu iş­ler ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Oba ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­la­nan tej­ri­be döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar hem-de yl­myň ga­za­nan­la­ry bi­len ne­ti­je­li ut­gaş­dy­ryl­ýar.

Aýlar Allagulyýewa, TOHU-nyn talyby.

 

Çaga eziz, edebi ondanam eziz

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle