TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

1900-njy ýyllaryň süýjüsi

Awstraliýa milli kitaphanasynyñ hünärmenleri 120 ýyl saklanylan süýji gutusyny tapdylar. Gözlegçiler topary Awstraliýanyň şahyry, oba ýerlerinde goşgulary bilen meşhur bolan Endrýu Barton Patersonyň eserlerini öwrendiler. Şahyryñ golýazmalar we resminamalarynyñ arasyndan sowgat ýadygärlik süýji gutusy çykdy diýip, kitaphananyñ resmi saýty habar berýär. Käbir maglumatlara görä, bu süýjüler 1900-nji ýylda geçen söweşde Wiktoriýa Şa zenanyñ adyndan esgerlere sowgat hökmünde ugradylypdyr. Paterson bolsa şol döwürde harby habarçysy bolup işlände bu süýjüni esgerden satyn alandyr diýip çaklanylýar.

“Haçan-da biz bu süýji gutusyny açanymyzda, örän ýakymly ys duýduk” diýip, kitaphananyñ işgäri Jenifer Todd belläp geçdi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle