TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

19 ýaşynda “US Open” ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras ABŞ-da geçirilen tennis boýunça Açyk çempionatyň ýeňijisi boldy. Bu ýaryş “Uly tuwulga” ýaryşynyň şu möwsümdäki iň soňky uly ýaryşydyr.

Ýaş ispan türgeni final duşuşygynda norwegiýaly Kasper Ruudy ýeňdi. Şeýlelikde, ispan türgeni hem 19 ýaşynda uly ýaryşda ýeňiji bolmagy hem-de professional tennisçiler Assosiasiýasynyň (ATP) sanawynda birinji orna çykmagy başardy. Şeýle hem Alkaras bu sanawda birinji orny çykan iň ýaş türgen hökmünde rekord goýdy. Mundan ozalky rekord Lleýton Hýuitt tarapyndan 20 ýaş 9 aýda goýlupdy.

Final duşuşygy 3 sagat 20 minut dowam edip, onuň çäklerinde ispan türgeni 6:4, 2:6, 7:6 (7:1), 6:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň finaly soňky 20 ýyldaky iň ýaş türgenleriň finaly boldy. Finala çykan türgenlerden ispan Alkaras 19 ýaşynda, Ruud bolsa 23 ýaşynda.

Zenanlaryň arasynda ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi polşaly Iga Swetek boldy.

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle