TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

19 ýaşda millioner

Ejesi oňa heniz 15 ýaşyndaka az mukdarda öndürilen aýakgaplaryň birini satyn alyp berdi. Ol bolsa mümkinçilikden peýdalanyp… 19 ýaşda millioner boldy.

Gürrüň Bejamin Kiks atly ýetginjek barada barýar. Ejesiniň heniz 15 ýaşly ýetginjekkä alyp beren aýakgaby ony çynlakaý oýlandyrdy. Barybir aýakgap belli bir mukdarda öndürilen bolsa, olary ýygnap, girdeji gazanmak mümkin ahyry! Benjamin hem şeýtdi we 19 ýaşynda millioner boldy.

Şeýlelikde, ol az mukdarda öndürilen bu aýakgaplaryň ählisini satyn almaga girişdi. Ilki-ilkiler onuň bu hereketini geňlän kakasy soňra ogly aýakgaplaryň her birini 1000 dollardan satanda, bolýan işlere haýran galdy.

Ýaş «işewür» meşhur aýdymçy Dj Halediň hem gözüne ildi. Sungat ýyldyzy bilen gatnaşyk Benjaminiň şöhratyny has-da artdyrdy. Soňa baka onuň müşderileriniň hataryna beýleki sungat ussatlary hem goşuldy. Olar diňe Benjaminde tapdyrýan aýakgaplary satyn almaga serişde gysganmadylar. Şeýlelikde, Benjamin Kiks özünde degişli internet saýtynyň üsti bilen aýakgap söwdasyny edip, 19 ýaşyna çenli 1 million dollardan gowrak pul gazandy.

Girdejisi artan ýetginjek «Boomin» harytlyk nyşany bilen ýörite aýdymçylara we Dj-lere niýetlenen köýnekçeleriň hem önümçiligine girişdi. Häzir diňe şahsy internet saýtynda onuň 780 müň müşderisi bar.

 

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle