TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

16-njy oktýabr Bütindünýä Azyk güni

Bütindünýä Azyk güni dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip geçilýär. Bu şanly sene 1945-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň döredilen senesi mynasybetli her ýylyň 16-njy oktýabrda bellenilýär.

Baýramçylygy Bütindünýä Azyk Maksatnamasy we Halkara Oba hojalygy boýunça Ösüş Gaznasy ýaly azyk howpsuzlygy bilen baglanyşykly beýleki halkara guramalar tarapyndan giňden bellenilýär.

Bütindünýä azyk güni 1979-njy ýylyň noýabr aýynda guramanyň 20-nji umumy konferensiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan döredildi. Şondan bäri indi her ýylda 150-den gowrak ýurtda Bütindünýä Azyk güni bellenilip geçilýär.

Ýeri gelende, dünýäniň iň meşhur baýraklarynyň biri bolan Nobel baýragynyň Parahatçylyk ugry boýunça 2020-nji ýylyň ýeňijisi hökmünde Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň mynasyp görülmegini hem aýratyn bellemegimiz gerek.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Epos gürrüň berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Astanada geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Teswirle