TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

16-njy awgustdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.

Aş­ga­bat­da: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21… +23°, gündizine +33… +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Ar­ça­bil­de: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +22°, gündizine +32… +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 709 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +27° maýyl, gündizine +33… +38° yssy, kenarýaka etraplarynda +30… +35° maýyl bolar.

Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de: howa +33… +35°, basyşy 751 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Awa­za­da: howa +32… +34°, basyşy 758 mm, çyglylygy 15-35 %.

Bal­ka­na­bat şä­he­rin­de: howa +36… +38°, basyşy 757 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Ahal we­la­ýa­tyn­da: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23°, gündizine +31… +36° maýyl bolar.

Änew şä­he­rin­de: howa +33… +35°, basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Te­jen şä­he­rin­de: howa +32… +34°, basyşy 742 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Ma­ry we­la­ýa­tyn­da: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16… +21°, gündizine +31… +36° maýyl bolar.

Ma­ry şä­he­rin­de: howa +32… +34°, basyşy 738 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Baý­ramaly şä­herinde: howa +33… +35°, basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Le­bap we­la­ýa­tyn­da: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi
sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +15… +20°, gündizine +30… +35° maýyl bolar.

Türk­me­na­bat şä­he­rin­de: howa +32… +34°, basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Ker­ki şä­he­rin­de: howa +33… +35°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16… +21°, gündizine +30… +35° maýyl bolar

Da­şo­guz şä­he­rin­de: howa +32… +34°, basyşy 753 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Kö­neür­genç şä­he­rin­de: howa +31… +33°, basyşy 755 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Koreýa Respublikasy 2021: Abraýly ýokary okuw mekdepleri

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle