TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

154 374 çaga birinji synpa barar

Düýn Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilen bilim işgärleriniň maslahatynda ýurtda şu ýyl birinji synpa okuwa barjak çagalaryň sany barada maglumat berildi.

«Türkmenistan» we «Mugallymlar gazeti» neşirleriniň habar bermegine görä, şu ýyl ýurduň orta mekdeplerine körpeleriň 159 müň 374-si ilkinji gezek gadam basar. Olaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuter sowgat berler.

Birinji synp okuwçylary üçin öwrediji kompýuterleri «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy işläp taýýarlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Bilim ministrligi Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky kompýuterleri satyn almak, olary 2020-nji ýylyň awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli kärhana bilen şertnama baglaşypdy.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle