TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

15 ýyl mundan ozalky Stambul gudraty

2005-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Çempionlar ligasynyň final duşuşygy futbol janköýerleriniň hiç wagt ýadyndan çykmajak duşuşyklaryň biri boldy. 15 ýyl mundan ozal, Angliýanyň “Liwerpul” topary täsin bir gudrat görkezdi.

Bilşimiz ýaly, bir ýyl mundan ozal hem “Liwerpul” Çempionlar Ligasynyň finalynda üstün çykdy. Germaniýaly tälimçi Ýurgen Kloppyň topary “Tottenhem” toparyndan üstündi. Toparyň düzüminde Wan Deýk, Mane we Salah ýaly belli futbolçylar bardy.

15 ýyl mundan ozal bolsa, ýagdaý beýle däldi. Toparyň kapitany Stiwen Jerard we ýene-de bir-iki belli futbolçy bardy. Finalda “Liwerpul” Italiýanyň meşhur toparlaryndan “Milan” bilen duşuşdy. “Milan” topary Maldini, Kaka, Şewçenko we Krespo ýaly futbolçylary bilen has güýçlidi.

STAMBUL FINALY GUTARDY DIÝEN ÝALYDY…

Duşuşygyň ilkinji ýarymynda, ýagny 45 minutda hasap 3:0. “Milan” topary öňde. Stambul finaly gutardy diýen ýaly… Köp sanly janköýerler ýatmak üçin stadiony terk etdiler. Ýöne olar stadiony terk etmek babatda alan kararyndan ahmyrly galdylar.

Duşuşygyň 54-60-njy minutlary arasynda “Liwerpul” topary futbol taryhynyň gaýtalanmajak oýnuny görkezip, hasaby deňlediler. “Liwerpul” Şmiseriň, Jerrardyň we Habi Alonsonyň gollary bilen hasaby 3:3 etdiler. Şondan soňra “Liwerpuly” saklamak aňsat bolmady.

90 minut tamamlanyp, goşmaça wagtynda “Liwerpulyň” derwezebany Eži Dudegiň gahrymançylygy hemmeleri haýran galdyrdy. Ol Andreý Şewçenkonyň derweze batly depen pökgüsini saklady. Bu pökgi “Milana” Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmagyna ýeterlik bolardy.

 

JERIME URGULARY HEM “LIWERPULYŇ” PEÝDASYNA BOLDY

Goşmaça wagtda hem hasap üýtgemän soň, 11 metrlik jerime urgulary ýeňijini kesgitledi. “Milandan” Pirlo we Şewçenko 11 metrlik urgudan tapawutlanyp bilmedi. “Liwerpuldan” diňe Riiseniň urgusy şowsuz boldy. Şeýlelikde “Liwerpul” 11 metrlik jerime urgulary boýunça 3:2 hasabynda utup, Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanypdy.

Bu duşuşyk, futbolyň ýakyn taryhynda hem-de Çempionlar ligasynyň taryhynda ýatdan çykmajak duşuşyklaryň birine öwrüldi.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle