TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

15-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 15-nji sentýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün hamallardan düşbülik we ýumşaklyk talap edilýär. Hiç hili çaklamalar, hyýallar bu gün ýöremez – töweregindäki adamlar diňe fakt talap eder. Hamallaryň: “Meniň pikirimçe” sözi töwerekdäkileriň gaharyny getirer. Hamallar üns berilmegini we gadyryny bildirmek islese, pikirlerini statistika, grafika we sanlar görnüşinde aýtmaly.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlar sanlar we faktlar babatda üstünlikli bolarlar. Çylşyrymly hasaplamalar ýa-da şertnamalar bolsun, tapawudy ýok, sowurlar olaryň hemmesini aňsatlyk bilen çözüp bilerler. Şeýle-de bolsa, ýyldyzlar duýduryş berýärler: akylyň ýerlikli ulanylmagyny tapmasaňyz, ony ownuk-uşak zatlara sarp etmek howpy abanýar. Munuň ýaly öndürijilikli güni biparh geçirmek bolsa gowy däl.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar bu gün özlerini oňyn tarapdan açyp görkezerler. Olar esasanam bir toparda hereket etmekde ýa-da kimdir biriniň takyk görkezmelerini ýerine ýetirmekde ökde. Ýöne jöwzalar dogumly we jogapkärçilikli bolmaly. Ümsüm we biperwaý ýerine ýetirijiniň roly olar üçin däl!

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün seretanlar üçin peýdaly tanyşlyklary açmak üçin ajaýyp. Seretanlaryň döredijiligi we kreatiwliligi  ýokary derejede, hut şonuň üçin-de olar üýtgeşik pikirleri bilen islendik adamy özüne çekip bilerler. Ýyldyzlar seretanlaryň islendik, hatda iň resmi däl ýagdaýda-da işewür aragatnaşyk gurmak mümkinçiliginiň bolup biljekdigini aýdýarlar. Ýol ugrunda, köçede, oturylyşykda – hemme ýerde seretanlar geljekki karýerasyna täsir etjek adam bilen duşuşyp biler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Ýyldyzlar esetlere haýsydyr bir ägirt uly taslamany işläp başlamagy maslahat berýärler. Utanmaň, beýle taslamalar sizde bar bolsa gerek! Esetleriň meýilnamalary şahsy durmuşyny nädip tertipleşdirmek barada bolsun, ýa-da iş bilen baglanyşykly bolsun, bu gün beýle pikirleri fantaziýadan hakykata geçirmek üçin diýseň amatly. Iň esasy zat, ähli zatlary gözden geçiriň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleleriň üstünlik gazanmagyna kömek etjek maglumatlary öwrenmäge mümkinçiligi bar! Ol özüniň bilmesiz zadyny tötänleýin eşidip biler ýa-da myş-myşlara we beýleki bölekleýin maglumatlara esaslanyp dogry netijä gelip biler. Esasy zat, ahli ýagdaýlary göz öňüne tutup, dogry netijä gelip bilmekdir.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar soňky döwürde goýberen ýalňyşlyklary barada pikirlenmeli. Bu gün olara diňe öz-özüňi tankytlamak mümkinçiligi bilen çäklenmän, eýsem daşardan seredip, hereketlerine bitarap baha bermek ukybyny berýär. Belki, käbir zatlarda mizanlar howlugandyr ýa-da ýalňyşandyr? Bu gün muňa düşünmegiňiz bilen ýagdaýy düzetmäge ilkinji ädimi ädersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Käbir meselede, akraplardan haýsy-da bolsa birini saýlamak talap edilip bilner we karar bermek oňa aňsat bolmaz. Iki wariantyňam aç-açan minuslary we plýuslary bar bolsa näme etmeli? Ýyldyzlar akraplara howlukmagy maslahat bermeýärler. Ýagdaý ony ejizlemäge mejbur etse-de akraplar boýun bolmaly däldir.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslaryň tejribesi näçe köp bolsa-da, ýagdaý ony belli bir wagt okuwçy roluna goýup biler. Belki, has tejribeli biri bilen maslahatlaşmaly bolar, ýogsam ýolbaşçylar kowuslary şahsy gözegçilige alarlar. Her niçigem bolsa, başgalaryň maslahatyna gulak asmaly we ýadyňyzdan çykarmaly däl: üstünlik gazanmak isleseňiz öwrenmek hiç wagt giç däl.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ýyldyzlar jedileri geljegi barada pikirlenmäge çagyrýar. Akym bilen akylsyz gitmek sizi iň belentliklere çykaryp biljek strategiýa däl. Belki, jedileriň bu durmuşy endige öwrülip, ​​öňe gitmäge mümkinçilik goýman biler, bu gün potensialyňyza düýpli baha bermek üçin amatlydyr. Belki, jediler öz işleýän sferasynda eýýäm iň ýokary derejä ýetendigini emma bu derejäň gaty pesdigini görer. Bu ýagdaýda ýagdaýy nädip gowulaşdyrmalydygy barada pikirlenmeli.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar hiç hili ýagdaýda şahsy gatnaşyklary we işi garyşdyrmaly däldir, ýogsa-da ýagdaý ony gynandyryp biler. Daluwlaryň tanyşlaryndan biri ondan hünär ussatlygy bilen kömek etmegini sorar, ýa-da resmi wezipesinden peýdalanyp olary haýsydyr bir işe çekmäge synanyşar. Ýyldyzlar muňa aldanmaly däldigini aýdýarlar, ýogsam daluwlar öküner.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Günüň dowamynda hutlar: “Köp adam, köp pikir” diýen sözi birnäçe gezek ýatlaryna salmaly bolarlar. Iň ujypsyz we ýönekeý ýaly görünýän meselelerde indi düşünişmezlikler we hatda beýlekiler bilen çaknyşyklar bolup biler. Ýolbaşçylaryň pikiriniň käwagt hutlaryň pikiri bilen gabat gelmezligi geň däldir. Şeýle-de bolsa, bu ýerde ýyldyzlar hutlara söweşmezden öz pozisiýalaryny taşlamagy maslahat berýärler – aýdylyşy ýaly, ýolbaşçylar, iň bolmanda şu gün has gowy bilýärler.

Ýene-de okaň

08-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hepdelik täleýnama (05-11 dekabr )

07-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle