TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

15-nji oktýabry “Bütindünýä el ýuwmak güni”

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (UNISEF) 15-nji oktýabry “Bütindünýä el ýuwmak güni” diýip belledi. Aýratynam ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda göz öňünde tutulmaly saglyk amallaryndan biridir. Elleri sabyn bilen ýuwmak, ösýän ýurtlarda millionlarça çagany öldürýän içgeçme keselleriniň we dem alyş ýollarynyň ýokançlygynyň öňüni almagyň iň täsirli we aňsat usullaryň biridir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan arassaçylyk biliminiň esasy bolan el ýuwmagyň ösmeginiň, içgeçme keselini 45 göterime çenli azaldyp biljekdigi nygtalýar.

El ýuwmak sagdyn bolmak we daşky gurşawy hapalaýjylardan goramak üçin iň möhüm usullardan biridir. Dürli hapalaýjy maddalaryň  elimize degmekligi bilen , üsgülewük we asgyrmak arkaly geçýän göze görünmeýän mikroorganizmleriň köpelmegi saglygymyza ýetjek zeperleri güýçlendirýär. Bu mikroorganizmler iýmitimize, gözümize, burnumyza we agzymyza aňsatlyk bilen ýokyşýar. Bedene girýän mikroorganizmler aňsatlyk bilen köpelip, köp keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär. El ýuwmak jemgyýet üçin köp “möhüm kesellerden” goraýar.

Ellerimizi şu ýagdaýlarda ýuwup durmaly:

  • Iýmit taýýarlamazdan ozal we iýmezden ozal,
  • Hajathana zerurlygy aradan aýrylandan soň,
  • Haýwanlara ideg edilenden soň
  • Nagt pullary ellänimizden soň
  • Asgyrmakdan we üsgülewükden soň,
  • Himiki serişdeler bilen iş salyşanyňyzda, elleri hapalaýan serişdelerden, boýaglardan soň, gowy ýuwulmalydyr.

El ýuwmak ýönekeý ýaly bolup görünse-de, berjaý edilmeli düzgünler bar. Ellerde has köp mikroplar bolup, esasanam barmak we barmaklaryň arasynda mikroplaryň iň köp üýşýän nokatlaryny talaba laýyk ýuwmalydyr.

Gurbanowa Ogulnabat

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Bäsleşikli söwda: 30 döwlet emlägi hususylaşdyrylar

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar ýurduň geljegi : Baýragyň gutly bolsun!

Baş Redaktor

Oba hojalygy ösüşli menzillerde

Garaşsyzlyk we halkara hukugyň dabaralanmasy

Teswirle