TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

15-nji iýun – Bütindünýä ýel güni

15-nji iýunda planetamyzda Bütindünýä ýel güni bellenilýär. Şeýle üýtgeşik günüň döredilmegi nilen baglanyşykly başlangyç bilen Ýel energiýasy boýunça Ýewropa assosiasiýasy we ýel energiýasy boýunça Bütindünýä geňeşi boldy.

Ýel güni ilkinji gezek Ýewropada 2007-nji ýylda bellendi we 2009-njy ýylda dünýä derejesinde bellenilip başlandy we bu baýramçylygy bellemäge 30-dan gowrak ýurt goşuldy. Her ýyl olaryň sany çalt artýar.

Ýeliň bütindünýä gününi bellemegiň maksady köpçüligiň (ilkinji nobatda dürli ýurtlaryň energiýa toplumlarynyň wekilleri) ýel energiýasynyň ägirt uly mümkinçiligine ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Bilermenleriň pikirine göre, ýel energiýasynyň ösüşi diňe bir energetika pudagy üçin däl, eýsem, ykdysady babatda hem-de daşky gurşaw goramak boýunça-da bähbitlidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Teswirle