TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

14-nji “Travel Turkey Izmir” sergisi onlaýn geçiriler

Türkiýäniň hem-de dünýäniň syýahatçylyk babatdaky üstünlikleri açyp görkezýän “Travel Turkey Izmir” (Syýahat Türkiýe İzmir) atly halkara sergisi onlaýn tertibinde geçiriler. Bu serginiň şu ýylyň 25-27-nji fewraly aralygynda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Üstünlikli hyzmatdaşlykdan soň, Şwesiýa 14-nji “Travel Turkey İzmir” sanly syýahatçylyk sergisiniň esasy hyzmatdaş döwleti boldy.

Geçen ýyl bütin dünýä üçin, ýöne esasanam syýahatçylyk guramalary babatda örän kyn ýyl boldy. Sanly sergi syýahatçylyk pudagyny täzeden dikeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmaga mümkinçilik döreder.

Serginiň guramaçylary 14-nji “Syýahat Türkiýe İzmir” atly halkara sanly sergisine çagyrýar. Bu sergä gatnaşan 50 gatnaşyjy saýlanyp alnyp, olary şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek 15-nji “Syýahat Türkiýe İzmir” atly syýahatçylyk sergisine gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şu aşakdaky salgy arkaly bu sergä gatnaşmak üçin mugt hasaba durmak bolar:

https://ttidigital.izfas.com.tr/visitor-login?l=1

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Türkiýe wizesi barada täze maglumat :mobil biometrika

Baş Redaktor

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

Teswirle