TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

14 milliard dollary nämä sowdy?

Onuny 2020-nji ýyla bermegine sanlyja gün galan ýyl dünýäniň öňdebaryjy milliarderleriniň kimsi üçin girdeji çeşmesi, kimsi üçin bolsa şowsuzlyklaryň girdaby boldy. Bu ýagdaý «Forbesiň» hem nazaryndan sypmady. Neşir 2019-njy ýylda işi has şowlan we işi paşmadyk ― köp mukdarda serişde ýitiren milliarderleriň sanawyny yglan etdi.

«Şowlularyň» sanawynyň başyny, häzirlikçe, planetamyzyň iň baý adamy bolan Bernar Arno çekýär. «Häzirlikçe» diýýäris hem welin, bu şowlulyk entek-entekler ony sanawyň tagtyndan düşürmese gerek. Çünki fransiýaly işewür diňe 2019-njy ýylda 40 milliard dollarlyk girdeji gazandy. Şeýlelikde, onuň umumy baýlygy 100 milliard dollardan geçdi.

Bernar Arnonyň «weziri» ― sanawyň ikinji basgançagynyň eýesi «Facebookyň» esaslandyryjysy Mark Sukerberg. Onuň 2019-njy ýylda gazanany 22,1 milliard dollara golaýlady. Üçünji orundaky «Inditex» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Amansio Ortega bolsa tamamlanyp barýan ýylda 17,3 milliard dollar gazandy.

Başarnyklary bilen habarlarymyzda ady kän geçen hem bolsa, «Amazonyň» esaslandyryjysy Žeff Bezos 2019-njy ýylda iň kän serişde ýitiren milliarderleriň başyny çekdi. Şu ýylda maşgalasy bilen nikasyny bozan işewür bu aýralyk bilen 13,1 milliard dollaryny hem ýitirdi.

Hindistanly meşhur haýyr-sahawatçy, «Wipro Limited» tehnokompaniýasynyň ýolbaşçysy Azim Premji şu ýyl Bezosdan hem köprak serişde harçlady. «Forbesiň» ýazmagyna görä, onuň 2019-njy ýyldaky çykdajysy 14,1 milliard dollara ýetýär. Ýöne bu serişdäniň aglaba böleginiň haýyr-sahawata gidendigini hökman aýtmak gerek.

Onuň watandaşy, «Essel Group» mediakonglomeratynyň ýolbaşçysy Subhaş Çandra bolsa 2019-njy ýylda 3,4 milliard dollar ahrçlap, sanawyň üçünji basgançagynda ýerleşdi.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle