DÜNÝÄ

14 ýaşly professor

Matematika boýunça täsin ukybyň eýesi Ýaşa Asleý dünýäde iň ýaş professor diýlip yglan edildi. Ol häzir  Lester uniwersitetinde özünden uly talyplara sapak berýär.

«Ilkinji dersinde talyplar onuň özlerini okatjakdygyna ynanmadylar» diýip, Internet sahypalarynda ýazylýar. Ýöne wagt dünýäniň iň ýaş professorynyň çäksiz ukybyny subut etdi.

Ol häzir 14 ýaşynda. Uniwersitetde hem ders berýär, hem-de okaýar. Ýaşa Asleý Lester uniwersitetine 13 ýaşyndaka talyplyga kabul edilipdi. Eýýäm ol bütin dünýäde «kalkulýator» lakamy bilen meşhurlyk hem gazanyp ýetişdi.

Ýene-de okaň

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi