TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

127 ýyllyk şygar üýtgedildi

Olimpiýa oýunlarynyň şygary ilkinji gezek üýtgedildi. 1894-nji ýylda kabul edilen “Has çalt, has ýokary, has güýçli” atly şygar üýtgetmek kararyna gelindi. Bu barada häzirki günlerde Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän Halkara Olimpiýa komitetiniň 138-nji mejlisinde degişli çözgüt kabul edildi.

Halkara Olimpiýa komiteti “Has çalt, has ýokary, has güýçli – bilelikde” atly täze şygary tassyklady.

“Has çalt, has ýokary, has güýçli” şygary häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyran Pýer de Kuberten tarapyndan teklip edilip, 1894-nji ýylda ilkinji Olimpiýa kongresinde tassyklanypdy.

Bu şygaryň awtory bolup, de Kuberteniň kärdeşi fransuz ruhanysy Anri Didona degişlidir. Bu şygar 1924-nji ýylda Pariž şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýaňlanypdy.

 

Olimpiýa oýunlary üçin çykdajy 15,4 mlrd $

Ýene-de okaň

Futbol transfer bazarynyň bahasy 6,6 milliard dollar

Ronaldo kuboksyz galdy

Messi “PSŽ” toparynda galar

Teswirle