TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan Ýewraziýada halkara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Foruma döwlet baştutanlary, görnükli syýasatşynaslar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, bilim, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlete dahylly bolmadyk guramalaryň we Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de beýleki birnäçe ýurtlaryň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň wideoýüzlenmesiniň dowamynda Forumyň gatnaşyjylaryna bu çäräni Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin ösüşine gönükdirilen gaýragoýulmasyz başlangyç hökmünde kabul edýändigini belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýewraziýa yklymynda toplumlaýyn ösüşiň täze meýilnamalarynyň we strategiýalarynyň döredilmegi babatynda öz garaýyşlaryny beýan etdi hem-de «biz Türkmenistanda muny Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi diýip atlandyrýarys we şunuň bilen birlikde hem bu ýoluň ugrunda ýaşaýan halklaryň we onda ýerleşen döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň özboluşly häsiýetiniň taryhy dowamatyny aýratyn belleýäris» diýip nygtady. Bu formatyň Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ugurlary boýunça geoykdysady hereketlere ýardam etjekdigi bellenilip geçildi.

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti  sebit hem-de halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Ol türkmen-koreý gatnaşyklarynyň netijeliligi barada gürrüň edip, koreý kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagynda nebitgaz we nebithimiýa senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň ençemesini mysal getirdi.

Bu Forumda ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklarynyň hatarynda koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan özgertmeler we demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi hem bardy. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň işjeň halkara hyzmatdaşlygy ugrunda çykyş edýändigini we dünýä ýurtlarynyň arasynda saglygy goraýyş hem-de ylmy barlaglar ugry boýunça özara hereketleriň pugtalandyrylmagy üçin ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň ulanylmagyna çagyrýandygyny nygtamak zerurdyr.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Epos gürrüň berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Astanada geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Teswirle