12 ýaşynda mugallym boldy

12 ýaşly Rim El-Houli çagalara sapak bermäge başlady. Her gün irden onuň synpyna 30-a golaý okuwçy gatnaýar. Häzirki wagtda Müsürde umumybilim berýän orta mekdepleriň çäklendirilen döwründe Rim El-Houli mugallymyň berýän sapaklary çagalar üçin örän peýdaly bolup durýar. Heniz ýaşlygyna garamazdan mugallym çagalara bilim bermekde erjelligini gaýgyranok. Ol çagalary arap, iňlis dillerinden hem-de matematika dersinden okadýar. Ýaşajyk mugallym geljekde matematika mugallymy bolmagy maksat edinýär. 12 ýaşly Rim El-Houli häzirki wagtda diňe bir okuwçylaryň ene-atalary tarapyndan goldanynman, eýsem ýerli kompaniýalar hem hemaýatkärlik edýär. Müsüriň Dakaliýa welaýatynda mugallymçylyk edýän 12 ýaşly Rim El-Houliniň asylly kärine hemmeler hormat goýýar.

 

Mämmetsapar Toýlyýew: Ussatlary gören halypa

Okap bilersiňiz  Resminamalary konsulluk taýdan kanunlaşdyrmak (legalize etmek)