TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

12 ýaşly uçurym

Saýtymyzda dünýäniň zehinli çagalary barada gyzykly habarlaryň birnäçesini paýlaşypdyk. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň demirgazyk Karolina ştatynda ýaşaýan 12 ýaşly Maýk Wimmer hem olaryň hataryna goşuldy.

Maýk koronowirus pandemiýasy sebäpli, ýurtda soňky bir ýylyň içinde girizilen çäklendirmelerden iň netijeli peýdalananlaryň biri. Ol bu döwürde öýde boş oturman, bilim basgançaklaryny birme-bir geçdi.

Hatda onuň bilim ýoluny wagtyndan ozal tamamlamak baradaky karary hem bu möhlete degişlidir. Şeýlelikde, iňňän zehinli oglanjyk bir ýylda ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň diplomyny aldy.

Has takygy, ol geçen ýylyň 21-nji maýynda Rowan Kabarrus Kommuniti kolležini, 28-nji maýda bolsa Konkord akademiýasyny bölümiň iň göreldeli talyby bolup tamamlady.

Şeýlelikde, ol Amerikanyň uniwersitetleriniň iň ýaş uçurymlarynyň hataryna girdi.

 

Möhüm telefon belgileri

 

 

Ýene-de okaň

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Dekabr aýynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Teswirle