TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

12-nji sentýabrda Türkiýede täze okuw ýyly başlanýar

Tükriýe Respublikasynda 2022-2023-nji okuw ýyly 12-nji sentýabrda başlaýar. Şol gün Stambulda jemgyýetçilik ulaglary mugt hyzmat berer.

Ýurduň iň iri şäherleriniň biri bolan Stambul şäheriniň häkimligi täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli degişli çäreleri geçirip başlady. 12-nji sentýabr güni ir sagat 06:00-dan öýlän 14:00-a çenli jemgyýetçilik ulaglary mugt hyzmat berer.

Şeýle hem mekdeplere okuwçylary gatnatmak üçin göz öňünde tutulýan hyzmatlar hem gözegçilikden geçirilýär.

Şäher häkimligi ýörite ulaglaryň ýerine jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmagy maslahat berýär. Şol gün ýollardaky dyknyşygy azaltmak üçin öňüni alyş çäreleri hem göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle