DÜNÝÄ

12 müň dollarlyk ýantorba aldy

Kylie Jenner gyzy Stormi üçin 12 müň dollarlyk mekdep ýantorbasyny satyn aldy. Kylie Jenneriň gyzy Stormi megerem, dünýä inen çagalaryň iň bagtlysy bolsa gerek. 23 ýaşly “Reality show” ýyldyzy we gözellik markasynyň eýesi Jenner, mekdebiň ilkinji gününde jemgyýetçilik torundaky hasabynda 2,5 ýaşly gyzynyň suratyny ýerleşdirdi.

Jenneriň “Öý mekdebiniň ilkinji güni” atly goýan suratynda Storminiň egnindäki fransuz kaşaň moda markasy bolan “Hermes” ýantorbasy hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

Mundan başga-da, kiçijik Stormi gymmat bahaly esbaplary bilen öňem birnäçe gezek jemgyýetçilik ulgamlarda öz ornuny alypdy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

 

Ýene-de okaň

“Arçabil” myhmanhanasynda halkara media forumy geçirildi

Türkmenistanyň goraghanalary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

1301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

Merkezi Aziýa-Ýaponiýa sammitini geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan-BAE: energetika pudagynda daşky gurşawy goramak