SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

11 konteýnerden gurlan öý

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hýuston şäherinde ýaşaýan Wil Brouksyň hyýallarynda göterip gezen, ahyrynda-da bina eden öýi beýleki öýlere çalymdaş däl. Ol biraz täsin, ýagny 11 sany konteýnerden bina bolan öý. Ol häzir bu täsin üç gatly binada ýaşaýar.

Dünýäniň dört künjüni gezen syýahatçy, aslynda, geljekki öýüni bu görnüşde göz öňüne getirmeýärdi. Ýöne Taýlanda eden gezelenjinde şeýle öýleriň birine gabat geldi we şol pursatdan başlap, «konteýner» öýüň arzuwynda ýaşady.

Günlerde bir günem ol öýüniň «gurluşygyna girişdi». Munuň üçin ol ilki konteýnerler arkaly nädip öý gurup boljakdygyny kemsiz öwrendi. Soňundan bolsa şeýle öýleriň gurluşygynda tejribe toplan kompaniýalaryň biri bilen şertnama baglaşdy.

Ýöne kompaniýa oňa hyýallaryndaky ýaly taslamany hödürläp bilmeýär, soň işe Wiliň özi girişmeli bolýar.

Ol näme üçin konteýnerden öý gurmagy saýlap aldy? Bu sowala Brouksyň özi şeýle jogap berýär:

― Şeýle öýler örän ygtybarly. Olar ýangyna hem çydamly, üstesine ömri uzyn, tebigy hadysalara durnukly. Täsin dizaýn bolsa hemişe özüne çekýär.

Häzir Wil Brouks 230 inedördül metr meýdany tutýan täsin öýünde ýaşaýar.

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler