TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

11 duşuşykdan soňra Şewçenko wezipesinden boşadyldy

Ukrainaly hünärmen, ozalky futbolçy Andreý Şewçenko italiýanyň “Jenoa” toparyna 11 duşuşykda tälimçilik etdi. Toparyň ýolbaşçy düzümi tälimçi Andreý Şewçenkony wezipesinden boşatdy.

Ukrainaly hünärmeniň wezipesinden boşadylmagy toparyň şowsuz duşuşyklary bilen baglanyşyklydyr. Şewçenkonyň tälimçiliginde “Jenoa” topary 11 duşuşygyň diňe 1-inde ýeňiş gazandy. Ol hem bu topar Italiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda “Salerintanu” toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

45 ýaşyndaky Şewçenkonyň “Jenoa” topary 7 duşuşykda ýeňlip, 3 duşuşygy deňme-deň oýnady.

– Topar tälimçi we onuň kömekçilerine soňky bir aýyň dowamyndaky ýeňil bolmadyk işi üçin minnetdarlyk bildirýär – diýlip toparyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

“Jenoa” topary Italiýanyň çempionatynda 19-njy orunda barýar. Çempionatda 20 topar çykyş edýär.

Şewçenko “Jenoa” toparynyň tälimçi wezipesine 2021-nji ýylyň 7-nji noýabrynda bellenipdi. Ol ozal 5 ýyl Ukrainanyň milli ýygyndysyna tälim beripdi.

 

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistanda gepleşikler geçirdi

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle