TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

11-dekabr bütindünýä daglary goramak güni!

1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak maksady bilen halkara konferensiýa geçirildi we şol konferensiýada bütindünýä daglary goramak günini döretmeklik barada birnäçe tekliplere seredildi. 2002-nji ýyl bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Daglar ýyly” diýip yglan edildi. Şu ýylyň 20-nji dekabr günic-nyň Baş Assambleýasynyň 57-nji sessiýasynda kabul edilen rezolýusiýa
laýyklykda, her ýylyň 11-nji dekabry “Bütindünýä daglary goramak güni” diýip yglan edildi. BMG-nyň berýän maglumatlaryna görä, ýeriň üstüniň gury böleginiň 27% den gowragyny daglar eýeleýär. Dünýä ilatynyň 15% golaýy dagly ýerlerde zähmet çekýärler. Häzirki wagtda daglyk ýerlerde işleýän, zähmet çekýän raýatlaryň her üçden birinde azyk bolçylygyndan peýdalanmakda mesele ýüze çykýandygy belli edilen.Bütindünýä daglar günini döredilmeginiň baş maksady dünýä jemgyýetçiliginde daglarda ýerleşýän tebigy çeşmelerden netijeli,tygşytly peýdalanmaklyk, daglyk meýdanlaryň ekologik arassalygyny gorap saklamakdan ybarat. Şeýle-de bu senäniň döredilmekligi netijesinde dag biodürliligini köpeltmeklik, daglyk ýerlede ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaklyk göz öňünde tutylan.Her ýyly 11-nji dekabr dürli makdatlary göz öňünde tutyp, dürli atlar bilen birnäçe çäreleri öz içine alýar. Geçen 2020-nji ýyl bolsa bu sene “Daglardaky biodürlilik” ady bilen geçirildi.

Taýýarlan: Türkmen oba hojalyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby Ömürsöýünowa G

 

Fransiýada yşyklar festiwaly: Köçeler reňkli yşyklar bilen bezeldi

 

Ýene-de okaň

Garaşsyzlyk ýylarynda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

Ata Watan Eserleri

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Teswirle