MEDENIÝET

107 ýyllyk däp üýtgedildi

107 ýyllyk iňlis däbi bolan “Çelsi gül ýarmarkasy” şu ýyl koronawirusynyň ýaýramagy sebäpli ýarmarkanyň taryhynda ilkinji gezek onlaýn ýagdaýda geçirildi. Her ýyl bu ýarmarka baryp görýän Şa zenany Ýelizawetanyň birnäçe ýyl ozal saparda wagty alnan ýaş suratlary görkezildi. Şu ýylyň maý aýynda Londonda ýerleşýän Çelsi etrabynda geçirilen «Çelsi çagalar ýarmarkasynda» ilkinji gezek bolşy ýaly, Şa aýalynyň maşgalasy Şa aýaly Ýelizawetanyň ýaşlyk suratlaryny paýlaşdy.

Şa aýalynyň “Instagram” hasabyndan käbir belliklere görä, 1949-njy ýylda Şa aýaly Ýelizaweta Çelsi gül ýarmarkasynda 23 ýaşyndady. Şol döwürler Şa aýaly heniz tagta geçmändi.

Şa aýaly Ýelizaweta 1955-nji ýylda ilkinji gezek «Şa aýaly» ady bilen ýarmarka gatnaşýar we şondan soň her ýyl diýen ýaly baryp görýär.

Suratda şa aýalynyň iň gowy görýän gülleriniň liliýadygyny we 1955-nji ýylda täç dabarasynda gujagynda liliýa çemeniniň bardygyny görkezýän surat hem paýlaşyldy.

Ýarmarka maý aýynyň 24-üne çenli onlaýn şekilde dowam eder.

Ýene-de okaň

“Talyp gözeli – 2024” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi

Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanda “Azerbaýjan tagamlary we medeniýeti” atly çäre geçirildi

«Türkmen topragy-gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçiriler

«Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

“BAFTA” baýraklarynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri