BILIM

105 ýaşynda Stenford uniwersitetiniň magistri boldy

105 ýaşynda ABŞ-nyň abraýly ýokayr okuw mekdepleriniň biri bolan Stenford uniwersitetiniň magistri derejesi aldy. Wirjinia Hislop 83 ýyl mundan ozal başlan okuwyny täzelikde tamamlady.

ABŞ-nyň neşirleriniň habar bermegine görä, Hislop 1936-njy ýylda Stenford uniwersiteti okuwa girip, bakalawr derejesini aldy. Soňra magistr derejesi üçin okuwa girip, gutaryp barýarka, durmuşa çykýar we 1941-nji ýylda ABŞ-nyň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagynyň netijesinde, ýoldaşynyň harby gulluga gitmegine kömek edip, magistr derejesi üçin ýazan tezisini gorap bilmändi.

Uruşdan soňra Hislop we ýoldaşy Waşingtona göçüp gidýärler. Şeýdip, ol magistr derejesini tamamlap bilmeýär.

83 ýyldan soňra 105 ýaşyndaky Hislop Stenford uniwersittine gaýdyp geldi. Ýokary bilim edarasynyň dekany Deniel Şwars Hislopa onuň magistr diplomyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýene-de okaň

“Prep4success” maksatnamasy: güýzki okuwlaryna resminamalary kabul edýär

1-nji awgustda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy başlaýar

Kanadada daşary ýurtly talyplar üçin habar bar

Dalaşgär-2024: ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy

Ata Watan Eserleri

 2024-nji ýylda jemi 15 müň 926 dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilýär

Türkmen okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda 737 medal gazandy