TEHNOLOGIÝA

1000 sany kinony 1 sekuntda :Internette tizlik

Awstraliýaly bilermenler internetiň birikdirilmeginiň tizliginde dünýä rekordyny täzeledi we sekuntda 44,2 terabaýta (TB) ýetildi.

Ýurduň “Monash”, “Swinburne” we “RMIT” uniwersitetleriniň bilelikde amala aşyran taslamasynyň çäklerinde internetde iň ýokary tizlige ýetildi.

Beýik Britaniýanyň “BBC” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, internetiň birikdirilmeginiň tizligi 44,2 terabaýta (TB) deň boldy.

Bu ýokary tizlik bilne 1000 sany ýokary durulykdaky kinony 1 sekuntda internet arkaly kompýuterine almak mümkinçiligi döreýär.

Häzirki wagtda dünýäde iň ýokary tizlik sekuntda ortaça 197,3 megabaýta deň bolup, oňa hem singapur eýedir.

Ýene-de okaň

Şäherara ilkinji uçýan taksi synag edildi

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar