TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

100 ýaşynda rysarlyk derejesi berildi

Beýik Britaniýada koronawirus ýokanjy döwründe haýyr-sahawat işlerini ýola goýan hem-de milli saglyk ulgamy üçin 32 million funt-sterling möçberinde pul serişdelerini jemlemegi başaran kapitan Tom Mura şa zenany Ýelizaweta II tarapyndan rysarlyk derejesi berildi.

Täze görnüşli koronawirus pandemiýasy döwründe haýyr-sahawat işini gurnap, halkyň uly söýgüsini gazanan esger Tom Mura rysarlyk derejesiniň berilmegi üçin Windsor galasynda dabara geçirildi.

94 ýaşyndaky şa zenany Ýelizaweta II-niň koronawirus sebäpli amala aşyrylan çäklendirilmelerden soňra gatnaşan ilkinji çäresi boldy. Şa zenany Ýelizaweta II kakasynyň gylyjy bilen Tom Mura rysarlyk derejesini berdi.

1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan kapitan Mur wirus döwründe saglygy goraýyş işgärlerine kömek etmek maksady bilen badalga beren haýyr-sahawat işi bilen halkyň gahrymany boldy.

Ýene-de okaň

Russiýanyň deputatlary Türkmenistandaky saýlawlara synçy hökmünde çagyryldy

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Baş Redaktor

Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

Teswirle