Mundan ýarym asyr ozal bir adam diş pastasyny öndürýän «Kolgeýt» kompaniýasyna gelip, girdejini 40 göterim ösdürmegiň syryny bilýändigini aýdypdyr. Ýöne ol bu syr üçin kompaniýadan 100 müň dollar talap edipdir.
Ýekeje syr üçin kimiň 100 müň dollar töläsi gelýär? Ine, kompaniýanyň ýolbaşçylary şu akyla gulluk edip, bu syry tapmagy öz inženerlerine buýrupdyrlar. Bolmasa, bolanok-da! Olar her näçe kelle döwselerem, bu syry tapyp bilmändirler. Ahyry, kompaniýa şol adama 100 müň dollar tölemäge razy bolupdyr. Alynjak girdeji çykdajynyň öwezini dolandyr-da!
Wakanyň iň gyzykly ýeri, bahasy 100 müň dollarlyk syr bary-ýogy üç sözlemden ybarat eken: «Pastanyň agzyny ulaldyň!». Şondan soň kompaniýa gabyň deşigini 5 millimetrden 6 millimetre çykardy. Hakykatdan-da, soňky girdeji ozalkynyň dagy çeni-çaky bolmady…
https://www.atavatan-turkmenistan.com/ayagyn-ujunda-durup-horlanmak-mumkinmi/