TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Dünýäniň iň baý adamy Ilon Maskyň baýlygy 2022-nji ýylda rekord derejede azaldy. Mask 100 milliard dollar ýitirip, baýlygy 169,8 milliard dollara çenli azaldy. Mask 100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam boldy.

“Tesla”, “SpaceX” we “Twitter” kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Maskyň baýlygynyň şu ýyl 100 milliard dollardan gowrak azalandygy mälim edildi. Bu görkeziji  “Bloomberg” milliarderleriniň indeksinde hasaba alnan iň köp ýitgi boldy.

Maskyň “Tesla” kompaniýasynyň ulaglarynda emele gelen näsazlyklar sebäpli 300 müňden gowrak ulagy yzyna ýagyrylmaly boldy. Bu hem kompaniýanyň paýnamalarynyň azalmagyna sebäp boldy.

Maskyň “Twitter” jemgyýetçilik toruny satyn alyp, bu jemgyýetçilik toruna has köp üns berjekdiginden howatyrlanan maýadarlaryň bu şübheleri “Teslanyň” paýnamalarynyň azalmagyna sebäp boldy.

Ýene-de okaň

Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrjak taslamalary

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

Awtomobil: Ýygymlaryň möçberleri üýtgedi

Baş Redaktor

Teswirle