TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

100 günden soňra “Premier Liga” başlaýar

Angliýanyň “Premier Ligasy” 100 günlük arakesmeden soňra täzeden başlanýar. Iň soňky gezek bu ligada futbol duşuşygy 9-njy martda geçirilipdi.  Şol duşuşykda “Lester Siti” “Aston Willa”-ny 4-0 hasabynda ýeňipdi. Soňra koronawirus ýokanjy sebäpli 13-nji martda duşuşyklar togtadyldy.

2019-2020-nji ýylyň möwsümi “Aston Willa-Şeffild Ýunaýted” we “Mançester Siti-Arsenal”  duşuşyklary bilen täzeden başlanýar. Milli çempionatda ýene-de 9 hepde galdy. 30 ýyldan bäri çempion bolmagyň arzuwynda bolan “Liwerpul” topary ikinji orundaky “Mançester Siti” toparyndan 25 utuk öňde barýar. “Liwerpul” 21-nji iýunda öz meýdançasynda Mersisaýt derbisinde “Ewerton” topary bilen duşuşar.

Nemes tälimçisi Ýurgen Kloppyň oýunçylary ýene iki ýeňiş gazansa, taryhyndaky 19-njy çempionlygyny gazanarlar.

  • Örän amatly möwsümi başdan geçiren “Liwerpul” çempionlyk bilen bir hatarda ýene-de birnäçe rekordlary hem täzeläp biler.
  • Galan 9 hepdäniň dowamynda 27 utuk toplamak mümkinçiligi bilen 82 utugy bolan “Liwerpul” topary iki möwsüm öň “Mançester Sitiniň” 100 utuk bilen çempionlyk derejesini elinden alyp biler.
  • 29 hepdede 1 gezek deňňme-deň we 1 gezek ýeňlişe sezewar bolan “Liwerpul” soňky iki möwsümde Pep Guardiolanyň ýolbaşçylygynda 32 ýeňiş bilen tamamlan “Mançester Sitiniň” rekordyny täzelemäge dalaşgärdir.
  • Liganyň galan 9 hepdesinde klublar 5 oýunçyny çalşyp bilerler we ätiýaç oýunçylaryň sany 7-den 9-a çenli artdyrylar.
  • Koronawirus sebäpli stadionda görülýän çäreler güýçlendirilen hem bolsa, futbolçylar we tehniki wekiliýetler maska ​​geýmeli däldir.
  • Duşuşykda stadionda iň köp 300 adama rugsat berilse-de, bu san “gyzyl zona” diýilýän sebitde futbolçylar we işgärler bilen birlikde 110 adamdan geçmeýär.
  • Burçlar, derwezeler, oturgyçlar we futbol toplary her ýaryşdan öň we soň gowy arassalanar.
  • Angliýanyň futbol toparlar täze görnüşli koronawirus (Covid-19) ýokanjy sebäpli uly ýitgi çekýärler. “Deloitte” kompaniýasynyň geçiren seljerme işlerine görä, “Premýer-ligadaky” 20 toparyň 2019-20 möwsüminde 1 milliard funt-sterling möçberinde ýitgi çekmegine garaşylýar.
  • Çempionatda iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda birinji orunda 19 gezek tapawutlanan “Lester Siti” toparyndan Jeými Wardy barýar. Ikinji orunda 17 gezek tapawutlanan “Arsenalyň” futbolçysy Pýer-Emerik Aubameýang, üçünji orunda 16 gezek tapawutlanan “Liwerpuldan” Muhammet Salah we “Mançester Sitiden” Serhiýo Agüero barýar.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Horwatiýa ilkinji ýarym finalçy

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Teswirle