JEMGYÝET

10 ýyllyk karzyny üzdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, mundan birki gün ozal Fransiýanyň paýtagtynda ýylyň iň gowy futbolçysyna «Altyn top» baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabarany alyp baryjy, ozalky meşhur futbolçy Didýe Drogba ýylyň iň gowy düzümine saýlanan fransiýaly ýaş hüjümçi Kilian Mbappe sahna gelen wagty onuň bilen selfi düşdi.

Meşhur ýyldyz bu pursaty mundan 10 ýyl ozal edilen karz hökmünde düşündirdi. Esasan, Angliýanyň «Çelsisiniň» düzüminde oýnan ýyllarynda ýyldyzlaşan we klubyň ady rowaýata öwrülen futbolçylarynyň biri bolup bilen afrikaly ýyldyz bu barada şeýle diýdi:

«Mundan 10 ýyl ozal «Çelsi» bilen «Barselonanyň» arasyndaky duşuşykdan soňra eminler bilen haýsydyr bir meseläni çekeleşip durdum. Şol wagt arkamdan bir oglanjyk geldide, bile surata düşmegimizi haýyş etdi. Şol wagt gahar sebäpli men onuň haýyşyny ret etdim. Bu gün bolsa şol oglanjyk ― Kilian Mbappe bilen surata düşüp, 10 ýyllyk karzymy üzýärin».

Meşhur ýyldyzyň bu sözlerine dabara gatnaşyjylar ýylgyrma bilen el çarpyşdylar.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygy üçin täze güwänama berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýarym finala çykdy

Ata Watan Eserleri

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar