TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

10-njy oktýabr bütindünýä akyl saglygy güni

“Bütindünýä akyl saglygy güni” akyl hassalygy barada düşünje bermek üçin niýetlenen gün hasaplanylýar. Ol ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 150-den gowrak ýurtda bölümçeleri bolan Bütindünýä akyl saglygy guramasynyň başlangyjy bilen bellenip geçilipdir.

10-njy oktýabr global akyl saglygy bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işleriniň geçirilýän günüdir. Akyl saglygy bilen iş salyşýanlar adamlara akyl hassalygy we onuň dünýädäki adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyna ýetirýän täsirleri barada habar berýärler.

18 we ondan uly ýaşly adamlaryň özüni gurşap alan dünýäsinde bolup geçýän yzygiderli hadysalar üçin alada etmekligi we şonuň netijesinde hem akyl taýdan güýçli, dartgynly ýagdaýa duçar bolmagy akyl hassalygynyň ýüze çykmagyna getirýär.

Akyl saglygy meselesi kemsidilmäniň kem-kemden ýok edilýändigini aňladýar. Bu mesele düşnüksiz bolmagy mümkin. Ol birnäçe ugurlary öz içine alýar. Bu ugurlar bir ynsanyň sosial, emosional we psihologiki abadançylygyny özüne birleşdirýär.

Akyl saglygy pikirlere, duýgulara we hereketlere täsir edýär. Adam akyl taýdan sagdyn bolsa, onda ol dartgynly ýagdaýlary has gowy çözýär, onuň iş öndürijiligi ýokary bolýar.

Adam akyl taýdan sagdyn bolmasa köp zyýanlary çekýär.

Statistiki maglumatlara görä, dünýä ilatynyň  takmynan 4%-i aladalanma keseline duçar bolandygyny görkezýär.

Nejmetdinowa  Aýnur

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Ýewropanyňiň iň täze awiakompaniýasy

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle