TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

10-njy maý Eneler güni

Ýer ýüzünde Eneler güni dürli senelerde bellenilip geçilýär. Emma her ýylyň maý aýynyň ikinji ýekşenbesinde 50-ä golaý döwletde bu baýramçylyk ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýär. Başga döwletlerde bu baýramçylyk maý aýynyň beýleki günlerinde bellenilýär.

Bu baýramçylyk çaga bilen enäniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, çaganyň ene-ata bolan garaýşyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen döredildi. Bu baýramçylyk ilkinji gezek 1908-nji ýylda bellenildi. Häzirki wagtda Eneler güni dünýäniň ençeme künjeginde bellenilip geçilýär.

Çagalar Eneler gününde öz ejelerine dürli görnüşdäki garaşylmadyk sowgatlary etmegiň aladasynda bolýarlar. Onda perzentler ejeleri üçin gutlag kartlary, gül çemenleri, ene hakyndaky goşgulary sowgat we beýleki birnäçe ajaýyp zatlary sowgat edýärler. Bu baýramçylygyň belleniliş däbi, her döwlete görä üýtgeýär.

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň resmi sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Teswirle