TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Ýaşulularyň halkara güni pähim-paýhasly ata-babalarymyza, ene-mamalarymyza bolan belent hormaty dabaralandyrýar. Uludan toýlanýan baýramçylyk türkmen gojalarynyň döwletimiziň özygtyýarlylygyny berkitmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak, milli däp-dessurlary ösdürmek, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirmek babatda Watan öňünde bitirýän işlerine goýulýan sylag-sarpanyň çäksizdigini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda ýaşuly nesliň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň asylly däbe eýerip, hormatly ýaşulularymyz hem-de kümüş saçly enelerimiz bilen Mekge we Medine şäherlerinde umra hajyny bilelikde berjaý edendigi-de şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Döwlet Maslahatynda Arkadagly Serdarymyzyň dabaraly ýagdaýda «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine degişli döşe dakylýan nyşany we şahadatnamany, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglary gowşurandygy hem munuň mysalydyr.

Türkmençilikde il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi bolan ýaşuly nesil döwlet tarapyndan aýratyn alada, gyzgyn mähir bilen gurşalýar. Giň möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň mirasyna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda asylly görelde görkezýän ata-enelerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Olaryň alýan döwlet kömek pullarynyň we pensiýalarynyň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Pähimdar danalarymyzyň ýaşuly sarpasy babatda döreden «Garryly öý — gaznaly öý», «Ýaşa — hyzmat, garra — hormat», «Ýigit — söweşde, garry — geňeşde» ýaly nakyllary biziň günlerimizde aýratyn ähmiýete eýe. Alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň senaly dilinde hem ilki bilen agzybirlik bilen baş saglygy bar. Agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, kuwwatly türkmen döwletiniň abraýyna abraý goşýandyklary çäksiz begendirýär» diýip, jaýdar belleýär.

Hormatly Prezidentimiz öz Gutlag hatynda şeýle diýýär:

– Ýaşulularyň halkara güni biziň düýnümizi, şu günümizi hem-de geljegimizi, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan baýramdyr. Bu halkara baýramçylyk ýaşuly nesillerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryny, döwletimiziň berkararlygyny, agzybirligimizi pugtalandyrmakda çeken zähmetini ykrar etmegiň aýdyň nusgasydyr. Şoňa görä-de, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ýaşulularyň halkara gününiň dabaralary aýratyn many-mazmuna, belent ruhy joşguna eýe bolýar. Dilleri senaly ýaşuly nesillerimiziň hormatyna paýtagtymyz Aşgabatda, Garaşsyz Diýarymyzyň ähli obadyr şäherlerinde baý mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Bu halkara baýramyň ajaýyp wakalary, ýatdan çykmajak pursatlary il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy täze taryhy döwürde beýik maksatlarymyzyň töweregine has-da mäkäm jebisleşdirýär, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Her bir işde ýaşululara, ata-enä sala salýan, olaryň baý durmuş tejribesini, çuňňur mazmunly öwüt-ündewlerini goldanýan ýigit-gyzlar durmuş-ykdysady, medeni-sport, jemgyýetçilik-syýasy we ynsanperwer-döredijilik ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri bilen ýurdumyzyň at-abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşant goşýarlar.

Guwançmyrat Berdiýew, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle