TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

1-nji noýabr – Bütindünýä wegetarian güni

Wegetarian güni 1994-nji ýylyň 1-nji noýabrynda  Wegan jemgyýetiniň 50 ýyllygynyň bellenilmegi bilen başlanan baýramçylykdyr. Wegan sözi Donald Watson tarapyndan wegetarian sözüniň ilkinji üç we soňky iki harpyndan emele geldi. Bu söz ilkinji gezek 1944-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Londonda  esaslandyrylan Wegan jemgyýeti tarapyndan ulanyldy.

Wegetarianlyk , esasanam,  berk wegetariançylyk bilen häsiýetlendirilen durmuş ýörelgesidir. Wegetarianlar – we olaryň tarapdarlary – diňe ösümlik esasly önümleri iýýärler we ulanýarlar, ýagny haýwanlaryň gelip çykyşynyň düzümini düýbünden hasaba almaýarlar. Wegetarianlar diňe bir eti we balygy iýmitlerinden aýyrman, eýsem,  beýleki haýwan önümlerini – ýumurtga, süýt, bal we şuňa meňzeşleri hem iýmekden ýüz öwürýärler. Wegetarianlar deri, sütük, ýüň ýa-da ýüpek eşik geýmeýärler, üstesine-de haýwanlarda synag edilen önümleri ulanmaýarlar. Olaryň bu iýmitlerden ýüz öwürmekleriniň sebäpleri başgaça-da bolup biler, ýöne esasy sebäbi haýwanlary öldürmek we rehimsizlige gatnaşmak islemezlikleridir.

Şeýle-de dünýädäki wegetariançylygyň howplary we peýdalary baradaky jedeller uzak wagt bäri dowam edip gelýär. Köp lukmanlaryň pikiriçe, bu durmuş ýörelgesiniň inkär edip bolmajak artykmaçlyklary  – sagdyn horlanmak, semizlik töwekgelçiligi we iýmit arkaly bedene girýän holesteriniň mukdary bar. Emma, lukmanlar onuň, kemçilikleriniň hem bardygyny aýdýarlar. Ilki bilen eti sarp etmegiň islendik çäklendirilmeleri aminokislotalaryň we minerallaryň ýetmezçiligine getirýär. Bularyň hemmesi diňe süňkleriň, saçlaryň, deriniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolman, eýsem, etden doly ýüz öwüren adamlarda çynlakaý problema bolup biler – ýürek myşsasynyň atrofiýasy. Şonuň üçin lukmanlar “janköýer” wegetariançylyga garşy duýduryş berýärler. Mundan başga-da, şeýle iýmit çagalar üçin kabul ederliksizdir, sebäbi çaganyň bedeni ulalýar we ösüşiň irki döwründe haýwanlardan gelip çykýan iýmitlerden mahrum bolmak, fiziki ösüşde yza galaklyk bolup biler.

Gyzlargül Annagurdowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Aýyň täleýnamasy: Noýabr

 

 

Ýene-de okaň

Oba hojalygy ösüşli menzillerde

Garaşsyzlyk we halkara hukugyň dabaralanmasy

Himiýa pudagy oba hojalygy üçin ähmiýetlidir

Teswirle