Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalary bilen geçirilen mejlisiň netijelerini jemläp, 2022-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 7,8 milliard manada deň bolandygyny nygtady. Pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we sebitleri durnukly ösdürip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan uly möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şu döwürde täze bellige alnan hojalyk subýektleri 492 sany bolup, sebitler boýunça täze döredilen iş orunlarynyň sany 1 müň 662-ä deň boldy.
Pudak ýolbaşçylary tarapyndan belli bir derejede işleriň alnyp barylýandygyna garamazdan, pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler hem-de öňümizde durýan wezipeler heniz köp diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň we ilatymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmaly. Institusional özgertmeleri, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işjeňleşdirmeli.
Dünýä tejribeleri esasynda tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrmaly. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeli hem-de amatly işewürlik gurşawyny döretmeli. Pudaklaryň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyryp, içerki we daşarky maýa goýumlary giňden çekmek boýunça degişli işleri alyp barmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
“Türkmen halky «Çekseň zähmet —– ýagar rehnet» diýýär. Şoňa görä-de, pudaklarda maýa goýumlaryny netijeli özleşdirip, döwrebap önümçilikleri işe girizmek, şäherdir obalarda, hatda çet ilatly ýerlerde-de goşmaça iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmek, ilatymyzyň ak ýürekden, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak biziň esasy borjumyzdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.
Hökümetiň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi. Pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.