TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

1 million tonna sement öndürýän 2 zawod gurlar

19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Göni wideoaragatnaşykda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň 2-nji tapgyryny gurmak hakyndaky Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň fewralyndaky Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan her biri ýylda 1 million tonna sement öndürýän iki sany sement zawodyny, ýagny Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrlaryny gurmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirildi.

Onuň jemleri boýunça «Beýik-Bina» hususy kärhanasynyň hem-de «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň beren teklibi saýlanyp alyndy. Agzalan desgalar toplumynyň gurluşyk taslamalaryna we hödürlenen baha tekliplerine Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi we oňyn netijenama alyndy.

Täze sement zawodlarynyň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlap, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gurluşyk toplumlarynyň önümçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyny berk gözegçilikde saklamagy hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilini we bellenen möhletde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle