TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

04-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 04-nji oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Üstünlik diňe işewür adamlar bilen mümkindir. Netijeliligi sebäpli meýilnamalarynyňyzy ýerine ýetirip bilersiňiz. Işiň beýleki ugurlarynda islendik başlangyç ýa-da işjeň hereket ýadawlyga we nägilelige getirer. Nerwiň bozulmagy we kellagyry bolmagy ähtimal.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Köpler deňagramsyz, gapma-garşy duýgulary duýarlar. Öz-özüňi aldamaň we hyýallara ýol bermejek boluň. Durmuş siziň güýçlüligiňizi synaýar. Işlemek üçin garaşylmadyk päsgelçilikler ýüze çykar. Bu ýagdaýdan abraý bilen çykmak üçin ähli güýçleriňizi jemläp, amatly netijä gönükdirmeli bolarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi maslahat berilýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Hünär işjeňligi ugrundaky islendik işjeň hereket amatsyz. Saglygy goramak we şahsy işler etmek has gowudyr. Dostlaryňyzyň we garyndaşlaryňyzyň kömegine bil baglamaň – diňe özüňize bil baglaň. Düýşleriňiziň amala aşmagy mümkin.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Pikirleri durmuşa geçirmek, täze işiň başlangyjy üçin amatly gün. Durmuş potensialyňyz töweregiňizdäkilere oňyn täsir eder. Maksadyňyz ugrunda batyrgaý hereket ediň. Günüň ikinji ýarymynda şahsy durmuşyňyzda möhüm wakalar bolup biler. Ýyldyzlar çagalara üns bermegi, sirke ýa-da teatra gitmegi, tebigatda gezelenç etmegi maslahat berýärler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Gün oňyn energiýa getirýär. Abraýyňyz güýçlener, özüneçekijiligiňiz we ynandyryjylyk güýjüňiz artar. Size howandarlyk etjek täze adamlar bilen duşuşmagyňyz ähtimal. Günüň ikinji ýarymynda diňe gündelik işler bilen meşgullanmaly; öý işleri ýa-da çagalar bilen baglanyşykly çykdajylar mümkindir.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Özüňizi bir derejede saklaň, dynç almaň – ýakymsyz wakalar bolup biler. Köpden bäri işleýän hyzmatdaşlar garaşylmadyk teklip bilen size ýüz tutup bilerler. Hyzmatdaşlyga derrew razy bolmaly däl, ýagdaýa çynlakaý baha bermeli. Aldaw we dönüklik mümkindir.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Gowy gün. Satyn almak girdejili bolar we şertnamanyň geljegi uly bolar. Durmuş potensialyňyz artar. Kärdeşler, ýolbaşçylar bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak, dostlaryňyz we ýakyn adamlaryňyz bilen aragatnaşyk mümkin. Köp şatlyk we peýda getirjek ýygnak hem aýrylmaýar. Günüň ikinji ýarymynda özüňizi ýumşak duýup bilersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Işleriň gerimini giňeltmek islegi, bolup geçýän wakalara hakyky garaýyş bilen goldanylmaz. Ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolup, ýakyn geçmişdäki faktlardan bizar bolup bilersiňiz. Hereketleriňiz impulsly bolup biler we günüň wakalary sizi geň galdyrar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Işjeň, döredijilik güni. Belki, döredijilik hyýalyňyz we ajaýyp energiýaňyz uzak möhletli meýilnamalary düzmäge ýa-da iş ugruny üýtgetmäge mejbur eder. Emma kelläňizi ýitirmäň we synaglara garşy durmaga synanyşyň – olar durmuşyňyzy ep-esli çylşyrymlaşdyryp biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ähtimal, irden dürli çärelerde özüňiziň gowy taraplaryňyzy görkezip bilersiňiz. Ykbalyňyz maddy ýagdaýyňyzy gowulaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Duýgular bilen hereketleriň arasyndaky deňagramlylyk, käbir kynçylyklaryň boljakdygyna garamazdan dikeldiler. Günüň ikinji ýarymynda özara düşünişmezlik bilen baglanyşykly gapma-garşylykly ýagdaý bolup biler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlaryň özüne çekijiligi, üstünlik ýolundaky ähli päsgelçilikleri we kynçylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik berer. Täze girdeji çeşmelerini tapmaga mümkinçilik berýän täze pikirleriň döremegi hem mümkin.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Gyzyklanmakdan, göriplikden ägä boluň. Dostlaryňyzdan, maşgalaňyzdan ýa-da täsirli adamlardan kömek gerek bolup biler. Jedeller ähtimal. Ýakynlaryňyza köp üns bermeli. Saglygyňyza, iýmitiňize aýratyn ähmiýet beriň.

Ýene-de okaň

Aýyň täleýnamasy: Dekabr

Ata Watan Eserleri

02-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

01-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle